HG: 2025-iň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty Russiýanyň goşunyna hakyna tutuldy
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2025-08-22
Просмотров: 4982
Şu günki programmamyzda:
2025-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň goşunynyň düzüminde Ukrainadaky söweşe gatnaşmak üçin azyndan 122 türkmen raýaty hakyna tutlypdyr. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşan daşary ýurtly hakyna tutma söweşijiler barada maglumat çap edýän "Ýaşamak isleýärin" atly ukrain proýekti habar berdi.
Täze okuw ýylynyň başlamagyna bir hepde galanda Ahal welaýatynyň käbir bilim ojaklarynda 'mekdep resmileriniň meýilleşdirýän egin-eşik söwdasy' ene-atalarda alada döredýär.
Köneürgenç şäheriniň golaýynda gurlan täze şäherçäniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Daşoguzdaky bu uly desganyň açylmagy Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geçen hepde bolup geçen ABŞ-Russiýa sammitinden bäri, şeýle-de ýewropa liderleriniň Waşingtonda geçiren ýokary derejeli duşuşyklaryndan bäri, Russiýanyň özüni alyň barşynyň Moskwanyň Ukrainada urşy soňlamak boýunça parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge niýetlenmeýändigini görkezýändigini aýtdy.
Merkezi Aziýaly migrantlar Russiýada täze yzarlamalara sezewar bolýarlar, olar ýurda girmek gadagançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar, deportasiýa edilýär. Moskwa ýurtdan çykarylanlaryň sanynyň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlanandygyny aýdýar.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: