Kerim Gurbannepesow — ENE DIL MODADAN GAÇÝAR | awtor okaýyş
Автор: Mirasym
Загружено: 2025-02-20
Просмотров: 467
Turkmen poetry
Kerim Gurbannepesow — ENE DIL MODADAN GAÇÝAR | awtor okaýyş
ENE DIL MODADAN GAÇÝAR diýýärmiň
Hiý, dilem
modadan gaçar oguşýan?!
Geň görüp oturmaň, käbir pursatda,
Şolam mümkin eken.
Howwa, bagyşlaň!
Ynha bir edara. Kaşaň edara.
Uly ministrlik. Edil köşk ýaly
Giräýen ýeriňde ajap kiosk bar —
Ýüz dürli kitaply, Gazet-žurnally.
Ir bilen şol jaýa sowulýan her gün
Dürli neşirler bar bäş materikden.
Bir gezek zeýrendi, kioskçy Wera
«Türkmençe zat alýan... sanlyja türkmen
Käte-de wot Sen.
Iki ýüz işgäriň köpüsi türkmen
Žentilmen, intellgent, papkaly kişi
Emma şol papkalaň birtoparyndan
Türkmençe tapmak kyn dermanlyk üçin...»
Howwa, «Lenin dilin» INTERNASÝONAL
DOSTLUK DILI diýip, okaýar olar.
«BEREKELLA» has köp okasyn olar,
Ýöne, eneň dilin kemsidýän bolsaň
Lenin nädip
seniň bilen dost bolar?!
Döwrümiz üýtgedip-gurulýan döwür
Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne.
Erk goşmaly adamlaryň erkine
Buýsanç. Ynam paýlamaly her kime
Ýöne, eneň dilin bilmeýän bolsaň —
Kim ynanar gepiňe?!
...Bir gezek uly bir ýygnakda boldum
DIN-ADADA GARŞY, GALYŇA GARŞY.
Üýşüpdir eneler, gelinler-gyzlar
Kluba görk berýär, ýakalaň nagşy.
Ýygnakda raýkom wekili hem bar
Ahyry oňa-da berdiler gezek.
(Birinji Sekretar, meselem Goçow)
Açdy papkasyny, okady uzak.
«Kalym ... Perežitok ... Borotsýa nado !»
Kellesin galdyrman .... gepledi gurak...
Okady üznüksiz, gepledi gurak
Iň soňundan bolsa
käbir gyzlara
Atlaryny okap, gowşurdy baýrak.
«Gýuzel»-diýdi, «Gözel» diýmäge derek
«Dondy»-diýdi, «Döndi» diýmäge derek
Doklad-a däl,
öz adyna düşünmän
Zenanlar boluşdy elek-de-çelek.
Eneler aňk bolup gyzyna bakdy,
Gyzy hem aňk bolup seretdi enä...
«Kim günäkär?» Sorag berdim özüme
Hemem jogap berdim: «Onda-da günä,
Mende-de günä bar,
sende-de günä,
Hemme-de günä!»
#Kerim_Gurbannepsow #Taymaz_Baba #poetry #edebiyat
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: