Популярное

Музыка Кино и Анимация Автомобили Животные Спорт Путешествия Игры Юмор

Интересные видео

2025 Сериалы Трейлеры Новости Как сделать Видеоуроки Diy своими руками

Топ запросов

смотреть а4 schoolboy runaway турецкий сериал смотреть мультфильмы эдисон
dTub
Скачать

Ýaşlyk Drammasy - K.Gurbannepesow (Juma Ýazmyradow)

Автор: Türkmen_Sungaty

Загружено: 2024-01-23

Просмотров: 3394

Описание:

Kerim Gurbannepesow Ýaşlyk dramasy.........

Gaññalyñ oýunda Tejende galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat.
Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Däriler ýanýardy ys köpelýärdi,
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi.
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi,
Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ.

Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada,
Emma "söýgi" diýen jadyly zada,
Höküm etmez eken hiç hili kada,
Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ.

Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan,
Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan".
Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan,
Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty".

Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy,
Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy.
Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim,
Çabrap bashlanda demiñe demim.
Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ,
Söýgi bulashmazmy, edep az wagty".

Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap,
Leb gadagan wagty olam bir hasap.
Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat,
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ.

Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat.
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ.

Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle,
Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. S
en diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe,
Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty".

Sho mahal ýokardan geldi bir owaz,
Seretsem, toraññy urup dur perwaz:
"Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz,
Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn".

Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç,
Size kast etjege taparyn alaç.
Siziñ kimin birek-birege mätäç,
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym".

Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt,
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt.
Ýöne welin gysha galaýma ýigit,
Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty".

Tokaý bürgüdinden alyp ak pata,
Gysha galmazlygy edipdik wada.
Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada,
Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty.

Bilmedim nämäniñ hesiri boldy,
Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy.
Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.

Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap,
Topuldym, çekdiler golumdan towlap.
Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,
Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ.

Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul,
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl.
Shunça hazynany bir kürtä bukup,
Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty.

Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ,
Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ.
Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ,
Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ".

Shobada ýüzüñde göründi ünji,
Gözleriñden gaçdy üç sany hünji.
Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji,
Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ.

Içerde otursam ýüregim gysýar,
Dasha çyksam, asman depämden basýar.
Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär,
Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ.

Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem,
Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken.
Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem,
Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym.

Kim bolsada saña satashan kishi,
Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy.
Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy,
Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty.

Çümdürse eliñe ýekeje tiken,
Shol tiken müñ bolup bagryma çöker.
Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken,
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn.

Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz.
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar,
Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty.

Arada aýlandym Tejen ýerlerine,
Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine.
Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe,
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym.

Gaññalyda otyr öñki ýerinde,
Toraññyda otyr öñki ýerinde.
Sho derýada ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...

Kerim Gurbannepesow.

Ýaşlyk Drammasy - K.Gurbannepesow (Juma Ýazmyradow)

Поделиться в:

Доступные форматы для скачивания:

Скачать видео mp4

  • Информация по загрузке:

Скачать аудио mp3

Похожие видео

"Yazmasy has agyr düşen goşgy" Kerim Gurbannepesow .

Hojageldi Akmammedow-Bolupdyr

Hojageldi Akmammedow-Bolupdyr

Вальс цветов | Прекраснейшая вальсовая музыка: Штраус и Чайковский

Вальс цветов | Прекраснейшая вальсовая музыка: Штраус и Чайковский

Kerim Gurbannepesov

Kerim Gurbannepesov "Yazmasy agyr düşen" goşgysy.

Gaygysyz  Ballyyew  bagban

Gaygysyz Ballyyew bagban

🇹🇲 MAGTYMGULY 🇹🇲

🇹🇲 MAGTYMGULY 🇹🇲 "Paýany bolmaz" #turkmenistan #turkmensahra #asgabat #turkmensahra #туркменистан

Moalem

Moalem

Джем – Ýaşlyk Drammasy - K.Gurbannepesow (Juma Ýazmyradow)

Джем – Ýaşlyk Drammasy - K.Gurbannepesow (Juma Ýazmyradow)

Kerim Gurbannepesow - Enanin Yaşy

Kerim Gurbannepesow - Enanin Yaşy

Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.

Kerim Gurbannepesow-Ýazmasy agyr düşen goşgy.

Kerim Gurbannepesow Gyzlar-Gyzlar goşgysy.

Kerim Gurbannepesow Gyzlar-Gyzlar goşgysy.

Turkmen gitara 2018

Turkmen gitara 2018

begmyrat annayev-Koneurgenc toy-Zaman db

begmyrat annayev-Koneurgenc toy-Zaman db

Kürdün Gelini

Kürdün Gelini

ahmet kaya - hani benim gençliğim

ahmet kaya - hani benim gençliğim

Magtymguly pyragy “Tekiz bolar ýaranlar”

Magtymguly pyragy “Tekiz bolar ýaranlar”

Merdan Nurgylyjow - Dostmämmet | 2019

Merdan Nurgylyjow - Dostmämmet | 2019

JAKUCK, ROSJA 2026: PRZETRWANIE W TEMPERATURZE -71°C! - NAJZIMNIEJSZE MIASTO NA ŚWIECIE DOKUMENTALNY

JAKUCK, ROSJA 2026: PRZETRWANIE W TEMPERATURZE -71°C! - NAJZIMNIEJSZE MIASTO NA ŚWIECIE DOKUMENTALNY

Turkmen gitara tmr 2020

Turkmen gitara tmr 2020 "Yalan Eken" #7

1 Turkmengala etrap 6 njy mekdep 18/07 2017 Live, Turkmenistan

1 Turkmengala etrap 6 njy mekdep 18/07 2017 Live, Turkmenistan

© 2025 dtub. Все права защищены.



  • Контакты
  • О нас
  • Политика конфиденциальности



Контакты для правообладателей: infodtube@gmail.com