Ýoga maşklarynyň saglyga peýdasy | Erjellik
Автор: Erjellik
Загружено: 2020-09-06
Просмотров: 389
Bizi instagramda yzarlaň: @erjellik
e-mail: [email protected]
Ýoga maşklarynyň saglyga peýdasy
Günsaýyn özgerýän häzirki durmuşymyzda ýoga, fitnes, pilates maşklarynyň ilat arasynda meşhurlygy artýar. Giňden ýaýran bu maşklar toplumy adamyň diňe bir beden synalaryny däl-de, ruhuny birkemsiz taplaýar, kalbyna rahatlyk bagyşlaýar, daşky gurşaw, janly tebigat bilen inçe sazlaşykda ýaşamagy öwredýär. Eýsem, ýoga näme?
«Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýlişi ýaly ýoga maşklary örän peýdalydyr. Ýoga adamyň ruhy dünýäsine arkaýynlyk, parasatlylyk, sabyr-takatlylyk çaýýar. Ýoga beýniniň dynç almagyna, oý-pikirleriňi bir bitewi yzygiderlilikde bolmagyna ýardam edýär.
Muňa garamazdan, ýoga beden maşklarynyň synalara ýazylganlyk bagyşlaýanlygyny, olary sagdynlaşdyrýandygyny, beden synalarynyň we ulgamlarynyň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny aýtmak gerek. Bilermenleriň bellemegine görä, sagdynlaşdyrýan maşklar toplumyny ilki başda hökmany suratda ýörite tälimçiniň gözegçilik etmeginde ýerine ýetirmelidir. Ýoganyň düzümine girýän beden maşklarynyň häsiýetli aýratynlygynyň bardygyny bellemek gerek. Bu maşklar özüniň hereketsiz häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýoga bilen meşgullanýan öz göwresini belli bir şekile getirýärde, uzak wagtlap sarsman oturýar.
Bu wagtyň dowamynda ýoga bilen türgenleşdirýän adam ýa-da türgen «dogry» dem almak arkaly öz synalaryny sagdynlaşdyrýar. Demiňi endigan, howlukman almak gerek, şeýle edilende dem alyş hadysasyna garyn myşsalary, diafragma, şeýle-de dem alyş myşsalarynyň dürli toparlary işjeň goşulyşýarlar.
Ýoga toplumyna girýän dürli beden maşklarynyň yzygiderli we dogry ýerine ýetirilmegi bedende kömürturşy we kislorod gazlarynyň özara gatnaşygyny sazlaşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle sazlaşyk adamyň nerw ulgamynyň we kelle beýnisiniň işini kadalaşdyrýar. Işjeňligi ýokarlanýan nerw ulgamy adama öz beden synalarynyň ýagdaýyny has ünsli «diňlemäge, eşitmäge» mümkinçilik berýär, ony saglyga zarba urýan dartgynlygyň (stresiň) ýaramaz täsirinden goraýar, islendik kynçylykly ýagdaýdan aljyraman baş alyp çykmaga itergi döredýär.
Yzygiderli ýerine ýetirilýän ýoga türgenleşikleri gan basyşyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamyny kuwwatlandyrýar. Munuň üçin türgenleşigiň agram ýüküni takyk bellemek we gözegçilikde saklamak zerurdyr, çünki şol agram artykmaç bolanda düýpgöter başga, oňaýsyz netijelere getirip bilýändir. Ýoga maşklary beden myşsalarynyň çeýeligini artdyrýar, göwräňe saldamlylyk hem-de sypaýylyk, keşbiňe syrdamlylyk häsiýetini çaýýar.
Ýoga maşklary adamdan islendik ýaramaz endiklerden doly arany açmagy, gündelik iýmitiňde mal etinden taýýarlanan tagamlary ep-esli çäklendirmegi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde beden synalarynyň arassa-tämiz saklanylmagy ýoganyň öňe sürýän esasy şertleriniň ýene-de biri bolup durýar. Bu şertleriň berjaý edilmeginiň özi-de, saglygyň esasy girewi bolup durýandygy bilen hemmeler ylalaşarlar. Ýene-de bir aýrylmaz şert, ol hem ýoga maşklaryny ýerine ýetireniňde bu ugurdaky ýörite kadalary, talaplary, şertleri bilmek zerurdyr.
Ýoga maşklarynyň saglygyň egsilmez çeşmesi bolup durýanlygyna garamazdan, bu maşklary ýerine ýetirmegiň maslahat berilmeýän ýagdaýlaryň hem bardygyny aýtmak örän möhümdir. Islendik içki beden agazalarynyň ýitileşen kesellerinde (pankreatit, köriçege we ş.m.), islendik ötüşen keselleriň gaýtadan ýitileşmeginde, agyry-yzalaryň biynjalyk etmegi, ýüregiň işleýşinde ýüze çykýan bozulmalary, gan kesellerinde, howply täze döremelerde ýoga maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilmeýär. Mundan başga-da, beýnä ganyň inmeginden ýa-da ýüregiň infarktyny başdan geçirilenden soňky ýarym ýylda, döş ýa-da garyn boşlugynda geçirilen operasiýalardan soňky 2-3 aýyň dowamynda, arterial gan basyşynyň ýokarlanmasynda, gasyk we biloňurga ingilerinde hem-de şikeslenmelerinde, süňk bogunlarynyň ýokançly zeperlenmelerinde, artrozlarda, biloňurga we kelle beýnisiniň sowuklamalarynda, ruhy kesellerde, şeýle-de göwrelilik döwründe we çaga dogulandan soňky üç aýyň dowamynda ýoga maşklaryny ýerine ýetirmekden saklanmaly.
Bir zady anyk aýtmak bolar. Ýoga maşklaryny diňe beden gimnastikasy hökmünde ýerine ýetireniňde-de, ol adama şähdaçyklyk, süňňi ýeňillik, saglyk bagyşlaýandyr.
CEŞME: SAGLYK | IÝUL AWGUST 2017 | SPORT LUKMANÇYLYGY 35 SAH. | ÝOGA MAŞKLARYNYŇ SAGLYGA PEÝDASY|GÜLJAHAN ÝALKAPOWA.
Surat: Background vector created by freepik - www.freepik.com
https://www.freepik.com/vectors/backg...
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: