HG: 'Sakgal gözegçiligi' güýçlendi, Aşgabat daşary ýurt täsirlerinden howatyr edýär - Çeşmeler
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2025-07-23
Просмотров: 20233
Şu günki programmamyzda:
Geçen hepdäniň bäşinji güni metjitlere baryp, köpçülik bolup okalýan juma namazyna gatnaşan ýaş oglanlary, elli ýaşdan bärdäki erkekleri şu hepdäniň birinji gününden başlap soraga çekip başladylar, gizlin gulluklaryň işgärleri olary ýaşyryn kamera arkaly wideo ýazgy edene meňzeýär diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär. Synçylar türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtly dindarlaryň täsirinden alada galýandygyny aýdýarlar.
Lebap welaýatynyň bazarlarynda etiň bahasy birden gymmatlady. Döwlet dükanlarynda nyrhlar öňküligine galdan hem bolsa, satylýan käbir önümleriň hili ýaramazlaşdy. Azatlygyň habarçysy Lebapdaky ýagdaý barada maglumat berýär.
Türkmenbaşy şäherinde we Awaza syýahat zolagynda uly taýýarlyklar geçirilýär. Köçelerde dilegçi çagalar we zibil dörýän raýatlar saklanýar, köne awtoulaglaryň hereket etmegine wagtlaýyn gadagançylyk girizilýär, narkologiýa hasabynda duranlar wagtlaýyn tussag edilýär.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: