Популярное

Музыка Кино и Анимация Автомобили Животные Спорт Путешествия Игры Юмор

Интересные видео

2025 Сериалы Трейлеры Новости Как сделать Видеоуроки Diy своими руками

Топ запросов

смотреть а4 schoolboy runaway турецкий сериал смотреть мультфильмы эдисон
dTub
Скачать

Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür

Автор: Ylham Çeşmesi

Загружено: 2019-11-03

Просмотров: 73648

Описание:

#Ylham çesmesi
#Kerim Gurbannepesow
#Döwür Şeyle Döwür
#GoşgularÇemeni

– A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle
gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun. Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.

Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň
jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.

* *
– A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.
– Men-ä seni tanamadym. Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.

* *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi! Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.
–Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la! Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.

* *
– Şägirt inim, eserleriň setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça, okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.
Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.

* *
Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.

* *
Iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça
wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.

* *
– On otagly köşk gurupsyň. Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.

* *
– «Moskwiçli», Žigulili» köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.

* *
– Köşek, nirä howlugýarsyň? Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin. Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.

* *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildi-le
işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri. Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.

* *
– Magaziniň takrap ýatyr. Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir. Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.

* *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.

* *
Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär
gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.

* *
Soradym men Döwre bakyp.: «Dogrudanam, şeýlemiň
sen?
Hany antyň? Hany haýaň? Serhoşmyň, sen? Telbemiň
sen?»

Döwür maňa jogap berdi: «Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly.

Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap.

Ýagşylara arka durdum, ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men, egrilige çagyrmadym.

Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny köýnek edip geý diýmedim.

Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas
diýmedim.
Daranmaga darak berdim, dort örümiň kes diýmedim.

Dynç almaga wagt berdim, okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim.

Bugdaýňyzy orup berdim, pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem güjürdedip sagyp
berdim.

Söýüşseňiz – ýigit berdim, söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň – goşgy berdim, gazal
berdim.

Dertleseňiz – derman berdim, işleseňiz – zähmet
berdim.

Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...

Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»


  / ylhamcesmesi123  
  / ylhamcesmesi  
  / ylhamcesmesi  

Kerim Gurbannepesow - Döwür Şeyle Döwür

Поделиться в:

Доступные форматы для скачивания:

Скачать видео mp4

  • Информация по загрузке:

Скачать аудио mp3

Похожие видео

Mätäç eýleme -  Mahtumkulu Firaki Türkmen şiiri Türkçe altyazılı, Turkmen poem Magtymguly Pyragy

Mätäç eýleme - Mahtumkulu Firaki Türkmen şiiri Türkçe altyazılı, Turkmen poem Magtymguly Pyragy

ZIEMKIEWICZ DO OSTASZEWSKIEJ: ADOPTUJE PANI DZIKI?

ZIEMKIEWICZ DO OSTASZEWSKIEJ: ADOPTUJE PANI DZIKI?

Kerim Gurbannepesow - Gumdan tapylan ýürek (poema) | awtor okaýyş

Kerim Gurbannepesow - Gumdan tapylan ýürek (poema) | awtor okaýyş

Köne unudylmajak aýdymlary 2000 2026 Kim garasdy 🥺🥺🥺

Köne unudylmajak aýdymlary 2000 2026 Kim garasdy 🥺🥺🥺

11 августа 2024 г.

11 августа 2024 г.

ƏVƏZ ZEYNALLI İLƏ GÜNDƏM

ƏVƏZ ZEYNALLI İLƏ GÜNDƏM

Вот как нужно поступать с теми, кто вас не ценит! 8 методов,которые работают всегда | Мудрость Еврея

Вот как нужно поступать с теми, кто вас не ценит! 8 методов,которые работают всегда | Мудрость Еврея

Kerim Gurbannepesow   –  Ol enedir, ynsanlaryň belendi... | Sowal-Jogap

Kerim Gurbannepesow – Ol enedir, ynsanlaryň belendi... | Sowal-Jogap

Pälwan Halmyradow - Janly Ses (Live Acoustic)

Pälwan Halmyradow - Janly Ses (Live Acoustic)

Juma Ýazmyradow - Aýna hakynda rowaýat | Radio oýun

Juma Ýazmyradow - Aýna hakynda rowaýat | Radio oýun

Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy

Kerim Gurbannepesow -Ýazmasy has agyr düşen goşgy

Почки скажут вам: всего 1 стакан перед сном и ночные походы в туалет исчезнут | ПАМЯТЬ И МОЗГ

Почки скажут вам: всего 1 стакан перед сном и ночные походы в туалет исчезнут | ПАМЯТЬ И МОЗГ

Kerim Gurbannepesow - Taýmaz baba (poema) | awtor okaýyş

Kerim Gurbannepesow - Taýmaz baba (poema) | awtor okaýyş

Aman Kadyrow Aydymlary 2025 (Behisht Show 4 Aman Kadyr Janly Ses) @Serdar.Mamedow @Behisht_prod

Aman Kadyrow Aydymlary 2025 (Behisht Show 4 Aman Kadyr Janly Ses) @Serdar.Mamedow @Behisht_prod

MAGTYMGULY PYRAGY ÇEPER FILMI- 2024       مختوم‌قلی فراغی چپر فیلمی تورکمن دیلینده

MAGTYMGULY PYRAGY ÇEPER FILMI- 2024 مختوم‌قلی فراغی چپر فیلمی تورکمن دیلینده

"Mälik aždar " - Nurnazar Jumanazar .

Сборник ЛУЧШИХ Мелодий от которых мурашки по телу! Красивая музыка для души- Осень #Relaxing

Сборник ЛУЧШИХ Мелодий от которых мурашки по телу! Красивая музыка для души- Осень #Relaxing

Anektod | Анектод |  degishmeler | prikol gyzykly | прикол | Gulkunc klip | Yashuly |🔴ПОДПИШИСЬ🔴|

Anektod | Анектод | degishmeler | prikol gyzykly | прикол | Gulkunc klip | Yashuly |🔴ПОДПИШИСЬ🔴|

Gökdepe urşy barada —Taňryberdi Hojakgaýew | Geok-Tepe Turkmenistan

Gökdepe urşy barada —Taňryberdi Hojakgaýew | Geok-Tepe Turkmenistan

''Ussatlar'' gepleşigi - Kerim Gurbannepesow | 2018

''Ussatlar'' gepleşigi - Kerim Gurbannepesow | 2018

© 2025 dtub. Все права защищены.



  • Контакты
  • О нас
  • Политика конфиденциальности



Контакты для правообладателей: infodtube@gmail.com