Лайтовый | права человека | что это такое | давид омаров
Автор: Invisible rainbow Turkmenistan
Загружено: 17 апр. 2025 г.
Просмотров: 110 просмотров
приветики, лайтовый и просто - что такое права человека
не забывай заполнить форму (ниже я оставил ссылку на форму. он на 2 языках)
Давид Омаров - David Omarov - Dawid Omarow
Для прямого контакта:
[email protected]
Любая помощь и пожертвования приветствуются для продолжения общего дела!!!!!!!!!!!!!!!!!
📢 Dostlar we joralar, maňa siziň kömegiňiz gerek!
Bu möhüm forma, Türkmenistandaky LGBT adamlarynyň ýagdaýy barada hakykatlyk maglumatlary toplamak üçin kömek eder. Eger-de siz özüňiz Türkmenistandan bolsaňyz ýa-da bu mesele bilen gyzyklanýan birini tanasaňyz – haýyş edýärin, formany dolduryň ýa-da ony beýlekilere ýetiriň.
🔗 Formany doldurmak üçin:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FA...
(ýa-da bu forma meniň instagram profilimde baglanşygy bar)
Bu forma doly anonimdir. Bu, jemgyýeti dikeltmek, sesi eşidilmeýän we goragsyz adamlara ses bermek hem-de dünýä LGBT adamlarynyň garşylaşýan howplary we hukuk bozulmalary barada hakykaty görkezmek üçin kiçijik, ýöne möhüm ädimdir.
LGBT adamlary Türkmenistanda fiziki we psihologiki zorluga, mejbury nikalaşdyrmalara, işden kowulmalara, jemgyýet tarapyndan ret edilmelere, howpsuzlyk we kanun goraýjy edaralar tarapyndan gynamalara we esassyz tussag edilmelere sezewar edilýär. Olaryň köpüsi öýlerinden gaçmaga mejbur bolýar ýa-da gizlin ýaşamaly bolýar. Bu forma arkaly biz hakykaty jemläp, halkara jemgyýetçiligine we adam hukuklaryny goraýjy guramalara ýetirip bileris.
Eger-de bu mesele size şahsy taýdan degişli bolmasa-da, linki paýlaşmak ýa-da dost-ýaryňyza ýetirmek howp astyndaky adamlara kömek edip biler. Siziň her bir paýlaşan maglumatyňyz LGBT jemgyýetiniň hakykatynyň ýaýramagyna we olara kömek berilmegine goşant goşup biler.
Sag boluň!
Bu forma iki dilde (rus we türkmen) hem-de jikme-jik düşündirişler bilen taýýarlanylan.

Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: