HG: Ýaşaýjylar emläk edinmek hukuklarynyň 'ýowuz çäklendirilmeginden' nägile bolýar
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2025-10-21
Просмотров: 7353
Şu günki programmamyzda:
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana bardy. Bu ýerde ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň Owganystanyň çägindäki böleginde kebşirleýiş işlerine başlamaga badalga berdi. Bu aralykda, uly Berdimuhamedowyň bu sapary döwründe Mary welaýatynyň serhetýaka sebitlerinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, Internet üpjünçiligi tas düýbünden kesildi.
Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda Türkmenistanyň beýleki welaýatlylaryndan bolan raýatlaryň gozgalmaýan emläk satyn almagy, görnüşinden, doly gadagan edilene meňzeýär diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda yglan edilen duşuşygyň yza süýşüriljekdigine çalym edýär. Muňa iki ýurduň baş diplomatlarynyň taýýarlyk gepleşikleriniň bökdemegi sebäp boldy.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: