HG: Marydaky tehnika ýetmezçiligi bugdaý ekişini 'yza çekýär'
Автор: Azatlyk Radiosy
Загружено: 2025-12-08
Просмотров: 5143
Azatlyk Radiosynyň Telegram hasabyna ýazylyň https://t.me/azatlykradiosy
Şu günki programmamyzda:
Paýtagt Aşgabatda soňky bir hepde bäri welaýatdan baran ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar, dilegçiler we arakhorlar wagtlaýyn tussag edilýär, it-pişikler zäherlenip, ýok edilýär, köçeler we gijeki klublar ýapylýar.
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda bugdaý ekişi dowam edýär, ýöne çeşmeler ýurtdaky tehnika ýetmezçiliginiň köp potrat ýerindäki ekişiň gijikdirilmegine sebäp bolýandygyny, şol bir wagtda, tehnika ulanmak nobatynyň telefon jaňlary esasynda bozulyp, arkasyz kärendeçilerde uly nägilelik döredýändigini habar berýärler.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň onuň iň soňky parahatçylyk teklibini okamandygy baradaky aýyplamasyndan soň, möhüm ýewropaly ýaranlary bilen duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar
Доступные форматы для скачивания:
Скачать видео mp4
-
Информация по загрузке: